Bilgirjä sowal

11 Iýul 2022
2052

— Bilgirje, garpyz-gawundan, miwelerden, ir-iýmişlerden we gök-önümlerden owadan şekilleriň ýasalyşy barada gürrüň beräýseň...

Mähriban çagalar, saçaga alnan tagamyň ýörite bezelmegi şol tagamyň süýji hem işdä has ýakyn görünmegine öz täsirini ýetirýär. Irki döwürlerde Gündogar ýurtlarynda patyşalaryň, soltanlaryň, imperatorlaryň saçagyny bezemek üçin köşklerde ýörite adamlar hyzmat edipdirler. Olar miweleri, ir-iýmişleri we gök önümleri şeýle bir sünnäläp bezeýän ekenler welin, daşary ýurtlardan gelen ilçilerdir myhmanlar tagamlaryň daşky görnüşine haýran galýan ekenler. Soňra orta asyrlarda bu sungat Ýewropa ýurtlaryna hem ýaýrap başlapdyr. Ýokary gatlagyň maşgalasyna degişli bolan ýaş gyzlara bu sungat ýörite hünär hökmünde öwredilipdir.

«Güneş».
Beýleki habarlar