Dünýä ekologiýasy ýa-da ekologiýa dünýäsi

7 Iýul 2022
1385

Sözbaşydaky getirilen düşünjeleriň ikinjisi hut olaryň birinjisiniň — dünýä ekologiýasy meselesiniň ýüze çykmagy bilen döredi. Sebäbi Ýer togalagynyň zemin-topragyndan başlap, suwadyr howa gurşawyna-da täsirini barha artdyrýan ekologiýa endişesi şeýdip, «ekologiýa dünýäsi» diýerlik giň çäkde we derejede giňäp hem çuňlaşyp, munuň özi diýseň çylşyrymly, ýöne şonda-da jikme-jik öwrenilmeli täze bir dünýä öwrülip gitdi. Meseläniň çylşyrymly hem-de biçäkden känjähetliligine degişli uçursyz köp mysallardan diňe ikisi: Aral deňziniň guramagy zerarly döreýän duzly tozanlaryň pesliklere ýa-da düzlüklere çökeni bilen «oňman», baryp-ha, Pamir daglarynyň gerişlerine ýetendigi hem-de mikroplastikleriň, ýagny plastikleriň 5 mm-den ownuk bölejiginiň, ylaýta-da, suw hem-de suw jandarlary arkaly ynsan ganyna çenli geçmegi.

Diýmek, mundan çen tutsaň, biziň aňymyzda ekologiýanyň filosofiýasy ýaly düýpden täze düşünje döräýmeli. Çünki biziň daşymyzy gurşap alan herki zat hem biziň ünsümizi çekmeli welin, ekologiýa kimin täsiri barha ulalýan we ýitelýän ählumumy müşgillik dünýä çäginde, diýmek, jahan ýaly biçak giň hem-de ummandan-da çuň derejede oýlanmaga, özem muny derhal amal etmäge zerurlyklar döredýär.

Hakberdi AMANMYRADOW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar