Çagalygyň bagtyýar pursatlary

6 Iýul 2022
1716

Bagtyýar pursatlar ynsanyň bütin ömrüni ýagtyldýar, ýatlamalaryna ýakym berýär. Aýratyn-da, çagalygyň şadyýan pursatlary babatda şeýle. Şonuň üçin-de, «Tomus — 2022»-niň gyzgalaňly günlerinde biziň ugrumyz Gökderäniň gözel goýnunda ýerleşýän Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine sary boldy.

Gökdere — gözellige baý dere, tebigatyň ýaşyl dona bürenip, göreni haýrana goýýan künjegi. Bu ýerde bag-bakja bürenen dag etekleri, äpet daragtlar, şildiräp akýan çeşmeler... garaz, ähli ajaýyplyklar seni bendiwan edýär. Onsoň şeýle gözel künjekde tomusky dynç alşyň bir bölegini geçirmegiň, tebigaty synlamagyň, deň-duş oglan-gyzlar bilen dost-dogan bolmagyň neneňsi şatlyk bagyşlajagy, nädereje ýakymly ýatlamalara baý boljagy öz-özünden düşnükli bolsa gerek?!

Nabat NURGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology, maýor.
Beýleki habarlar