Syýahatçylykda täze gözýetimler

5 Iýul 2022
1705

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji iýulynda sanly ulgam arkaly geçirilen nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berlip, milli syýahatçylygy dünýäniň bu ugurdan ösen döwletleriniň derejesine çykarmak, hususy kärhanalaryň işini ösdürmek we mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy. Bu ugurda hususy syýahatçylyk edaralarynyň 70-e golaýynyň hereket edýändigi bellenildi.

Syýahatçylyk milli ykdysadyýetiň geljegi uly, girdejili ugurlarynyň biridir. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän eziz Diýarymyzda halkara syýahatçylygyň häzirki zaman görnüşlerini ösdürmekde ägirt uly mümkinçilikler bar. Ulgamy döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek, gaýtadan dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça täze syýahatçylyk ýollaryny açmak ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende götermekde, dünýä döwletleri bilen dürli ugurlar boýunça hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ata Watanymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny, tebigy gözelliklerini dünýä ýüzüne wagyz etmekde syýahatçylyga uly orun degişlidir.

Aýna MELEJÄÝEWA.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti.
Beýleki habarlar