Ata mähri

23 Iýun 2022
1970

Merjen ata-enesiniň ýekeje gyzydy. Ol özüni bileli bäri kakasyny örän gaharjaň hasaplaýardy. Ol ejesi ýaly däldi, sähel zada gaharlanardy. Merjen ilki kakalar şeýle bolmalydyr diýip düşündi. Ýöne ulaldygyça goňşy ýaşaýan joralarynyň, synpdaş gyzlarynyň gürrüňlerinden kakalaryň hemmesiniň beýle däldigine göz ýetirip ugrady. Kakasyny olaryň kakalary bilen deňeşdirip gördi. Netijede, gyzjagazda, «Kakam meni gowy görmeýär» diýen pikir döredi we muňa gaty gynandy.

Merjeniň ejesi mylaýym, salyhatly zenandy. Özem ökde tikinçidi. Merjen okuwdan boş wagtlary ejesiniň ýanynda bolup, tikin tikmegiň inçe tärlerini öwrendi, nahar bişirmäge, dürli işdäaçarlary taýýarlamaga ökdeledi. Ejesi her gezek orta nahar alnanda: «Merjen jan bişirdi, gyzyň, tüweleme, basym aşhananyň işini elimden aljak» diýip, Merjeni öwse-de, kakasy sesini çykarmazdy. Merjen oňa-da gynanardy. Ýöne syr bermezdi. Içinden welin, kakasynyň öwgüli sözlerine näler garaşardy.

Gülşat ÖMÜRKULOWA,
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky 21-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar