Enäniň dünýäsi bagta deňelýär

13 Iýun 2022
1840

Enäniň dünýäsi bagta meňzeşdir. Hawa, hawa, bagt düşünjesi öz gözbaşyny eneleriň kalbyndan alandyr. Şonuň üçinem eneler mähri hem dünýäsi bilen biziň ýüreklerimiziň törüne aýratyn sypaýyçylygy, mähremligi bagyş edýändirler. Men ejemi kalbyma iň ýakyn ynsan saýýaryn. Onuň gursagyndan dömüp duran mähir çeşmesi hakykatdanam, keremli güýje eýe ýaly. Käteler alňasasam ýa-da aljyrasam, has takygy, «Kelebiň ujuny tapman» çykgynsyz ýagdaýa düşsem, ejeme jaň edýärin ýa-da dessine onuň ýanyna rowana bolýaryn. Ol maňa şeýle bir mähribanlyk bilen öwüt berýär welin, ähli zat gülala-güllük bolýar duruberýär.

Ozalam bir danadan: «Dünýäde seniň üçin iň eziz ynsan kim?» — diýip sorapdyrlar. Ol dessine: «Ejem» — diýip jogap berenmiş. «Doganlaryň, kakaň näme?» diýseler: «Olar meň başymyň galasy, ejem bolsa ýüregimiň galasy, ýüregiň galaly bolmasa, başyň galasynyň goragy ygtybarly bolmaz» diýip, jogap berenmiş. Görýäňizmi, şu tymsalyň özeninde neneňsi hakykat, neneňsi many basyrylgy?! Eneleriň muhabbeti ýürekleriň dogasy, dertleriň melhemi. Şonuň üçinem eneleriň dünýäsi bagta deňelýär.

Mähri ATAMYRADOWA,
Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň başlangyç synp we matematika mugallymy.
Beýleki habarlar