Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi hem terbiýe

13 Iýun 2022
1304

2-nji iýunda paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde mekdep okuwçylaryny Gökderedäki çagalar sagaldyş merkezlerine ugratmagyň däbe öwrülen dabarasy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beden taýdan sagdyn, ruhubelent nesli kemala getirmek döwletimiziň esasy wezipeleriniň biridir. Ýaş nesliň mynasyp bilim we terbiýe almagy, bedenterbiýe we sport, aýdym-saz, edebi-çeper döredijilik bilen meşgullanmagy, çagalaryň boş wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ata Watanymyzda ähli tagallalar edilýär. Ýurdumyzda gurulýan döwrebap mekdepleriň we çagalar baglarynyň, çagalar dynç alyş hem-de sagaldyş merkezleriniň sany barha artýar. Döwletimiz ýaş türkmenistanlylaryň tomusky dynç alyş möwsümini oňat geçirmegi, Köpetdagyň ajaýyp jülgelerinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryndaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde dynç almagy we saglygyny berkitmegi üçin
alada edýär.

Bägül BERDIÝEWA,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň 28-nji orta mekdebiniň türkmen dili we edebiýaty mugallymy.
Beýleki habarlar