Döwrebap mümkinçilikler

9 Iýun 2022
1227

Döwlet dolandyryşynyň we jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň ähli ulgamlaryna halkara ülňülerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak bilen sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi ähli ugurlar bilen bir hatarda, kazyýet ulgamynyň öňünde hem täze wezipeleri goýýar we kazyýetleriň işiniň hil taýdan ýokary derejelere ýetmeginiň zerurlygyny kesgitleýär.

«Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda, elektron resminamalaryň, elektron sanly gol bilen gol çekilen elektron habarlaryň kazyýetde we beýleki ygtyýarly edaralarda subutnama hökmünde ulanylmagy baradaky düzgünler hem berkidilýär. Munuň özi täze bir hukuk gatnaşyklaryň ulgamy hökmünde elektron gatnaşyklarda oňa gatnaşyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň kazyýet tertibiniň amala aşyrylmagynyň hukuk esaslaryny emele getirýär. Adyl kazyýetligiň amala aşyrylmagynda we kazyýetleriň işiniň guralmagynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini dürli tapgyrlarda we şertlerde ulanmagyň hukuk esaslarynyň kämilleşdirilmegini şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda milli kanunçylygyna soňky girizilen üýtgetmelere we goşmaçalara laýyklykda, Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş we Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodekslerinde, rejelenen görnüşde kabul edilen Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş kodeksinde birnäçe täzeçil kadalar göz öňünde tutuldy. Agzalan hukuk namalarda kazyýet önümçiligini häzirki zaman döwrebap şertlerde amala aşyrmagyň hukuk-guramaçylyk esaslaryna möhüm orun degişli edilýär. Şeýle hem işe gatnaşýan taraplaryň we iş ýöredişine beýleki gatnaşyjylaryň sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly alnan düşündirişlerine subutnama hökmünde ýol berilýändigi baradaky kadanyň göz öňünde tutulmagy, adyl kazyýetligiň döwrebap şertlerde amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikler döredýär. Adyl kazyýetligiň amala aşyrylmagynyň esasy tapgyry bolan kazyýet mejlislerini guramak, olaryň açyklygyny, aýanlygyny we elýeterliligini üpjün etmek bilen bagly düzgünlerde taraplara uzak aralykdan sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly kazyýet mejlislerine gatnaşmak mümkinçilikleri hem-de şeýle işleri guramagyň guramaçylyk gatnaşyklary düzgünleşdirilýär.

Güljahan MÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň 1-nji derejeli hünärmeni.
Beýleki habarlar