Ekologiýa baýramy

6 Iýun 2022
1398

Ekologik meselelere dünýä ýüzüniň bilermenleri ýokary derejede üns berip başlady. Şol bilermenler bilen bir hatarda, biziň ýurdumyz hem halkara forumlardyr maslahatlarda ekologiýa bilen bagly dünýä ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. 1972-nji ýylyň 15-nji dekabrynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 27-nji sessiýasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi bellemek hakynda Kararnama kabul edildi. Şonuň bilen baglanyşykly Birleşen Milletler Guramasynyň düzüminde täze gurama UNEP (BMG-niň Daşky gurşaw maksatnamasy) döredildi.

UNEP bilen ýakyn hyzmatdaşlygy saklaýan ýurdumyz her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününi ýokary derejede belleýär. Şol sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde maslahatlardyr çäreler, pikir alyşmalar guralýar. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň döredilmeginiň esasy maksady tebigata adamyň ýetirýän täsirini azaltmak we daşky gurşawda döreýän meselelere ähli adamzadyň ünsüni çekmekdir.

Ogulbike YMAMBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň «Ýüpek ýoly» döwlet kärhanasynyň hünärmeni.
Beýleki habarlar