Hytaýda satuwa çykarylan «RedmiBook Pro 15 Ryzen Edition» (2022) noutbugy AMD-iň 6000H seriýaly prosessorlary bilen enjamlaşdyryldy. Onda 15,6 dýuým 3.2K displeý, täze «tupan sowadyjy» ulgamy bar. Bu noutbuk «RedmiBook Pro 14 Ryzen Edition» bilen birlikde «Redmi Note 11T Pro» smartfonynyň ilkinji tanyşdyrylyş çäresinde köpçülige çykaryldy. «RedmiBook Pro 15 Ryzen Edition» öňünden alnan sargytlaryň esasynda 31-nji maýda satuwa çykarylar.
«RedmiBook Pro 15 Ryzen Edition» noutbukda 3,2K (3,200x2,000 piksel) durulykda 15,6 dýuým displeý, täzelenme tizligi 90Hz-e barabar bolup, 400 nit ýagtylyk güýjüne eýe. Şeýle-de «RedmiBook Pro 15 Ryzen Edition» noutbugy doly ölçegli arka klawiatura we biometrik howpsuzlyk üçin güýç düwmesine ýerleşdirilen barmak yzy datçigine eýedir. Noutbuk DTS tehnologiýasy bilen goşa 2W stereo mikrofon we noutbuk HD web kamerasy bilen enjamlaşdyrylandyr.