Akylly sagatlar satuwa çykaryldy

23 Maý 2022
1131

Bu «Huawei» kompaniýasynyň iň gowy akylly sagatlarynyň biridir.

Täzelik birnäçe görnüşde hödürlenýär. Iň amatly görnüşiniň daşy titandan ýasalyp, onuň göwrümi 46 mm. Bahasy 370 amerikan dollaryna barabar. Nanokristally keramika we 43 mm göwrümli görnüşiniň bahasy bolsa 450 amerikan dollaryna barabardyr. Bu akylly sagat häzirki wagtda bar bolan iň ýokary mümkinçilikleri birleşdirýär. Bu barada «ITHome» habar berýär.

Taýýarlan Serdar GELDIÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar