«Awaza» — gözel mekan

10 Maý 2022
2064

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam, onuň saglygy we abadançylygy ugrundaky alada döwlet syýasatynda has-da ýokary derejä göterildi. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň ýokary derejede dynç almagyny we saglygyny berkitmegini gazanmak babatda alnyp barylýan tutumly işler hem bu hakykatyň buýsançly subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallasy netijesinde türkmen Diýarynyň täsin hem-de gözel künjeginde döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy, şeýle-de häzirki zaman şypahanalary ynsan saglygyny berkitmekde we göwnejaý dynç almagyny guramakda iňňän uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz «Awazanyň» döredilmeginiň baş maksadynyň deňiz ýakasynyň ägirt uly dikeldiş mümkinçiliklerini peýdalanmakdan, türkmenistanlylaryň we ýurdumyzyň myhmanlarynyň dynç almagy üçin aňrybaş amatly şertleri döretmekden, adamlaryň wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegini, şol sanda sportuň suwda oýnalýan we beýleki görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin mümkinçilikleri döretmekden ybaratdygyny aýratyn nygtaýar hem-de bu ýerde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berýär.

Gözel SILAPOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar