Dünýämiň manysy, käbäm!

14 Aprel 2022
1927

Durmuşda duş gelýän ähli pursatlar bizi täzeden-täze wakalary bilen begendirýär. Edil durmuşda hiç hili tötänligiň bolmaýşy ýaly, wakalarda hem ynsan üçin bihal hajatlar bolmaýar. Hawa, dürli-dürli pursatlar bize şatlykly wakalaryň golaýdadygynyň buşlukçysy bolup gelýär.

Meniň aňyma ornan bu pursat welin, entek hiç bir ynsany biparh goýan däl bolsa gerek. Bu, megerem, pursatlaryň iň datlysy hem ýakymlysy bolmaly. Çünki munda demiň enä sary atygsaýandyr, ýürek hem diňe ene diýip urýandyr, pikirleriň ejeň bilen boljak täze duşuşygy saldarlaýandyr. Gözleriňde ene keşbi, kalbyňda enä söýgi köreýändir. Sen bu wagt hiç haçan ganylmadyk we indem ganylmajak mähre sary şaýlanýansyň. Sen hem-ä howlugýansyň, hemem bu pursadyň goýnunda melulsyň. Hyýalyň mähriban käbäň bilendir, gadamlaryň eýýäm atasy öýüňe tarap ugur alýandyr, özüň bolsa diňe ene didaryna ýetmegiň höwäsindesiň.

Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar