Tudana

14 Aprel 2022
2513

Ejem maňa hamyla bolup, aş saýlanda göwni tudana küýsäpdir. Özem, gara reňklisini. Ýogsam, gapymyzda ullakan peýwendi tudy-da bardy. Onuň miwesini soň özümem kän iýipdim. Her biri başam barmagyň bogny ýaly, bal tagamlydy. Ol döwürler obada her öýde diýen ýaly ýüpek gurçuklary idedilerdi. Onsoň, meýdanda tut agajy galjakmy diýsene?! Iýmişi bişip ýetişmänkä her kim onuň ýapraklaryny kesip almak bilen, gurçugyny doýurmagyň aladasynda. Ýüpek gurçugynyň işdäsinem ony idedip görenler bilýändir.

Ynha, onsoň, kakam ilki oba arasyny, soňra-da ekin meýdanlaryny aýlanyp, gara tudananyň gözlegine çykypdyr. Elinde-de gyz doganymyň kiçijik bedresi diýýär. Aýlanyp-aýlanyp, ahyr tudanalary gijäniň tümlügini monjuk edinen ýaly şar gara reňkli tut baldaklaryny birýandan kesip başlan hojalygyň üstünden barypdyr. Kakam: «Men size tutuş bir peýwendi tuduň ýapragyny kesip, öýüňize-de eltip bereýin. Ýöne maňa şundan ýekeje şaha galdyryň» diýip, ýalbarýan äheňde ýüz tutanmyş öý eýesine. Öý eýesi kakamyň näme diýjek bolýanyna ilki düşünmändir. Ýagdaýy bilensoň bolsa, sogap üçin bir şaha däl, üç şahany kakamyň ygtyýaryna goýupdyr. Kakam bedrejigi gara tudanadan dolduryp öýe girende, ejem şeýle bir begenipdir, häki bedräni bir oturanda boşadaýypdyr.

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar