Gaýynekeji

14 Aprel 2022
2262

Durmuşyň ötlem-ötlem ýollarynda biziň ýagşy ýatlamalarymyz ýaşaýar. Hanha, bigam çagalygymyz iň şadyýan duýgulary bilen jyklaýar. Hyýalbent ýetginjekligimiz gözellik uçarynda dünýä syýahat edýär. Ulugyzlygyň tereň duýgulary, gelinlik dünýäsiniň gizlin syrlary iň ýakymly pursatlary bagyş edýär. Eje, ene bolmagyň uçursyz bagtyna bolsa, taý geljek hiç bir zat ýok. Durmuşyň maşgala atly mukaddes ojagynyň daşynda elmydama ata-ene, eje-kaka, gaýyn-gelin, baldyz-ýüwürji, elti-gaýynekeji ýaly ýüregimize iň ýakyn ynsanlar söhbet kylýarlar. Käte şeýle süýji gürrüňleriň arasynda ýaş gyzlaryň ady tutulsa, «Çykan gyz çygdan daş» diýýärler. Öň şu öýüň «ody bilen girip, küli bilen çykan», indem durmuşa çykyp baran öýüne mähir-muhabbet paýlaýan, uzak ýollaryň menzilini külterlemäge goşulan gyz maşgala önüp-ösen öýüniň myhmany hasaplanýar. Şol sebäpli-de: «Degmäň gyzyň göwnüne, myhmandyr, göçer gider» diýýärler.

Gyza «sawçylyga gelen kyrk kişiniň biriniň nesibe ýyldyzyna dönüp,  bagt asmanyna göterilse-de», göwni-karary atasy öýünde galýar. Ykbalyny ynananyndan başga hiç biri bilen öwrenişip ýetişmänsoň, ýaş gelniň bikarar ýüregi atasy öýüni küýseýär. Ol aram-aram atasy öýi haýsy tarapda bolsa, şol ugra delmiripler seredenini duýman galýar. Oba içine çykanlaryň ýakynlarynyň biri-ýarymy ötende-geçende idäp durýar. Bolmanda, toýda-märekede ezizleriniň birini görüp, onuň kalby aram tapýar. Ýöne ara uzak menziller düşse ol alaçsyzdyr. Ýaş gelniň atasy öýüni göresi gelip, ýüregi üzülip barýandyr. Ene mähri, ata pendi gulagynda ýaňlanyp durandyr. Ol doganjyklarynyň şadyýan gülkülerini goňşy çagalaryň gowrundan gözlär. Ýöne munuň bilenem ýaş gelniň didar mähri, göwün telwasy hiç ganmaz. Şol wagt oňa düşünýän ýekeje adam bardyr. Ol — gaýynekejidir. Nesibesi çekip, uzak ýere durmuşa çykan gyzlar muňa aňryýany bilen düşünerler. Şol sebäpli-de, olar özlerini mähir bilen garşylan, ýakyn hossar tutunan gaýynekejilerini aýal doganlary kimin, mähriban saýýarlar.

Ýazgül ANNAÝEWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar