Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar 2022-nji ýyl Maý

14 Aprel 2022
4933

1.HAMAL (Guzy 21.03—20.04)

Maý aýynyň ilkinji günlerinde hamallar wakalary öz ugruna goýbermeli. Şeýle etmek bilen olar meýilnama esasynda amala aşyrmak isleýän işlerini şowly ýerine ýetirip bilerler. Bu döwürde hamallara tygşytly bolmak maslahat berilýär. Ýakynlaryňyza sowgat bermek, bile naharlanmak, gezelenje çykmak olar bilen gatnaşyklaryňyza oňyn täsir eder. Şeýle-de aýyň dowamynda hamallara garaşylmadyk pursatlar garaşýar. Tomus paslynyň öňüsyrasynda ähli işleriňizi talabalaýyk ýerine ýetirseňiz, tiz wagtdan dynç alşa çykyp bilersiňiz. Bu aýda jaý satyn almak isleýän ýa-da onuň gurluşygyny meýilleşdirýän hamallaryň başlangyçlary rowaç alar.

Beýleki habarlar