Ynsanlygyň mähekdaşy

13 Aprel 2022
1314

Köplenç, kimdir biri bilen gürrüňdeş bolanyňda ýa-da iş salşanyňda öz ýanyňdan onuň ahlak çelgisini ölçerip görýärsiň, baha berýärsiň. Ahlak çelgisi ynsapdan, halallykdan, adamyň lebzine, beren sözüne ygrarlykdan gelip çykýar. Ahlakly adamyň ýüz-gözi nurana, sözleri mylaýym bolýar. Ene süýdi bilen kalbyňa ornaýan emen süýdüňi halallamak, Watana, halka ak ýüregiň bilen hyzmat etmek, halal ýaşap, halal işlemek, perzentleriňi halal gazanjyň bilen kemala getirmek ýaly bitewülik ynsan adyny göterýänler üçin durmuşyň, döwrüň, jemgyýetiň mizemez kanuny bolýar. «Hiç wagt ýalan sözlemäň, ili aldamaň, eden işiňiz nähili bolsa-da, çynyňyzy aýdyň! Kişiniň zadyna gözüňizi dikmäň! Gerek zadyňyz bar bolsa maňa aýdyň, özüm alyp bererin» diýip, kakam hemişe gulagymyza guýardy. Şu setirleri ýazyp otyrkam, çagalykdaky bir waka meniň ýadyma düşdi...

Biz köp çagaly maşgaladyk. Dördünji synpda okaýarkam, synpdaşym Enejanyň saçyna dakan akja kapron saçbagynda gözüm eglendi. Kapron saçbagylar hem täze ýaýrap başlapdy. Menem haýyş edip, Enejandan saçbagyny bir günlük sorap aldym-da, öýümize äkidip, saçyma dakdym. Kakamyň synçy nazary ony görüpdir. Ol meni ýanyna çagyrdy-da: «Gyzym, şular ýaly saçbagy nirede satylýan bolsa bil, alyp bereýin!» diýdi. Kakam käýemese-de, utanjymdan ýere giräýjek boldum. Ol söz meniň ömrüme sapak boldy.

Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.
Beýleki habarlar