Elektrik gämisi synag edilýär

1 Aprel 2022
1214

Russiýanyň paýtagtynyň Günorta Derýa portunda elektrik energiýasy bilen işleýän gämi synagdan geçirildi. Syýahatçylyk maksatly gämilerden tapawutlylykda, derýadaky «elektrikli tramwaýlar » ekologiýa taýdan arassa, tygşytly hem-de sessiz bolmagy bilen tapawutlanar. Ýylyň dowamynda ýolagçy gatnawynda peýdalanyljak gämide welosiped goýmak üçin ýer hem göz öňünde tutulypdyr. Häzirki wagtda bu gämini dürli howa şertlerine görä synag etmek meýilleşdirilýär. Dürli synaglardan geçirilenden soňra onuň içki bezegi ýerine ýetiriler. Şeýle gämileriň 21-si öndürilip, olaryň 9-sy şu ýyl ulanmaga berler.

Merdan ORAZGELDIÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Beýleki habarlar