Maglumatlar we kiberhowpsuzlyk

18 Mart 2022
1446

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, müşderilere internet ulgamy arkaly menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Elbetde, sanly ulgam köp işleri ýeňilleşdirýär, ýerine ýetirilýän amallary tizleşdirýär we wagty tygşytlaýar. Şonuň bilen birlikde-de, ondan peýdalanylanda, maglumat we kiberhowpsuzlygyny berjaý etmek esasy talaplaryň biri bolup durýar. Munuň özi häzirki döwürde dünýä ýüzünde wajyp meseleleriň birine öwrüldi.

Kiberhowpsuzlyk diýlip kibergiňişligiň düzümine degişli ähli bölekleriň ýaramaz netijelere getirip biljek howplardan we täsirlerden ýokary derejede goralmagyny üpjün etmek şertleriniň jemine, ýagny ulgamlary, tehnologiýalary, kompýuterleri, enjamlary hem-de raýatlary bolup biljek howplardan we täsirlerden goramak işlerine aýdylýar. Umuman, maglumat howpsuzlygy maglumatlaryň goraglylygyny, kiberhowpsuzlyk bolsa şol maglumatlaryň ýerleşen sanly ulgamynyň goraglylygyny aňladýar. Şol sebäpli hem olar biri-biri bilen utgaşykly üpjün edilýär.

Ata MAHMUDOW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Kibergorag merkeziniň maglumat gözegçilik bölüminiň başlygy.
Beýleki habarlar