Gyzym — gyzyl gülüm

22 Fewral 2022
1771

Halkymyz «Gyzym — göwnümiň hoşy» diýip, gyz çagany gowy görýär. Ejesine kömekçi bolup ýetişer diýip, köp maşgalalarda gyzyň dünýä inmegine begenilýär. Aýratyn hem maşgalada yzly-yzyna ogul dogulsa, gyzyň dünýä inmegine garaşyp, dileg edilýär. Halkymyzda gyza çagalykdan edep-terbiýe bermek bilen bilelikde, milli el işlerini öwretmäge-de uly üns berilýär. Biziň milli el işlerimiz hem synçylygy, ezberligi, akyl taýdan başarnyklylygy — çylşyrymly nagyşlary ýatdan öwrenmegi, reňkleri ussatlyk bilen seljermegi, irginsizligi we sabyr-takatlylygy terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Ejem ussat halyçylaryň biridi. Ol bize çagalykdan öý işleri bilen birlikde tikin-çatyn işlerini, haly dokamagy hem öwredipdi. Her bir çitimimiz ejemiň talapkär nazaryndan sypmazdy. «Eden işiň owadan bolsa, tutuş dünýä owadan görner. Eliň işi iň uly baýlygyňdyr, ýüzüň tuwagydyr, synçy adamlar eden işiňden içki dünýäňi okarlar» diýip öwrederdi.

Hormatly Prezidentimiziň «Arşyň nepisligi» atly kitabynda halynyň halkyň ýaşaýyş-durmuşyndaky orny, ony döredýän türkmen zenanynyň kalbynyň bakylyk aýdymy hökmündäki ýüze çykmalary baradaky pikirleri ejem ýaly halyçy zenanlaryň kalbyny şöhlelendirýär. Haly türkmeniň hem durmuş zerurlyklaryny, hem gözellige küýsegini teswirleýän, zenanlaryň sungat duýgularynyň, pikirleriniň arassalygyndan ak öýüň içinde dünýä indiren Älemiň we Zeminiň birligini çitimde suratlandyrmasydyr. Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan halkymyz milli mirasyny ösüş-özgertmeler, durmuş, ykdysady, tehnologik ugurlar bilen sazlaşykly utgaşdyryp, öz medeniýetini, sungatyny buýsançly dünýä ýaýýar.

Şemşat AGANIÝAZOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy, ilkinji Zenanlar guramasynyň başlygy.
Beýleki habarlar