Ata-enäni hormatlamak edebi

1 Fewral 2022
2030

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň aladalarynyň netijesinde dost-doganlygy pugtalandyrmak babatdaky milli ýörelgeleri üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen halkymyz ata-babalarymyzdan gözbaş alyp gaýdýan milli edep-ekramy, ajaýyp gylyk-häsiýetleri bilen ösüp gelýän ýaş neslini terbiýeleýär.

Türkmen halkynyň milli halk döredijiliginiň terbiýeçilik ähmiýeti uludyr. Dana pederlerimiz öz dowamatlaryny, nesillerini arassa ahlakly, päk kalply, ynsaply, ygrarly, lebzihalal, watansöýüji, pähim-paýhasly, mert, batyr, eli çeper edip ýetişdirmek isläpdirler. Olaryň şeýle häsiýetleri özlerinde jemlemekleri üçin, halkymyz özboluşly milli terbiýeçilik ähmiýeti ýokary bolan nakyllary, läleleri, hüwdüleri, aýdym-sazlary döredipdirler. Bu döredijiligiň içinden adamzada öwüt-ündew, özüňi alyp barmak, ene-ata hormat ýaly birnäçe ýagşy ýörelgeler eriş-argaç bolup geçýär.

Akbibi WELLIÝEWA,
Halaç etrabyndaky 25-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar