Meşhur sagatlar

26 Ýanwar 2022
1423

Soňky döwürde saglyk ýagdaýyň baradaky maglumatlary bilip bolýan smart sagatlaryň önümçiligi barha artýar. Muňa garamazdan, adaty bezeg goşar sagatlarynyň önümçiligi hem galarly däl. Şweýsariýada ýerleşýän sagat önümçiligine ýöriteleşen kompaniýalaryň önümleri dünýäde uly islegden peýdalanýar. Bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalaryň öndürýän önümleriniň bahasy beýgelmese, peselerli däl. Mysal üçin, «Rolex» nyşanly sagatlaryň käbir görnüşleriniň bahasynyň şu ýyla geçip, 30 göterime çenli artandygyny belleýärler. Ýurtda hereket edýän kompaniýalar her ýylda ortaça 25 million sany goşar sagatlaryny öndürýärler we şolaryň ýaryndan gowragyny bolsa daşary ýurtlara eksport edýärler.

Beýleki habarlar