Oýun kompaniýasyny satyn aldy

20 Ýanwar 2022
1178

"Microsoft" kompaniýasy dünýäniň iň uly wideooýun döredýän kompaniýasy bolan «Activision Blizzard »-y 68,7 milliard dollara satyn aljakdygyny mälim etdi. Şeýlelikde, programma üpjünçiligi bilen meşgullanýan kompaniýa «Call of Duty » we «Candy Crush» ýaly oýunlaryň ýaýradylmagyny öz üstüne alar. «Activision»-yň paýnamalary bu täzelik mälim edilenden soňra 38 göterim gymmatlap, 65,39 dollara ýetdi. «Microsoft »-yň tölegi nagt berjekdigi mälim edildi. Satyn alma işleri tamamlanandan soňra, «Activision»-yň ýolbaşçysy Robert Kotik we onuň işdeşleri öz wezipelerini dowam etdirerler. Pandemiýa döwründe dürli güýmenjelere, şol sanda mobil oýunlara isleg ýokarlandy. Şeýlelikde, bu ugurda işleýän kompaniýalaryň bazar nyrhy hem ýokarlandy.

Amannazar BAÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Beýleki habarlar