Iň köp smartfon satan kompaniýa

20 Ýanwar 2022
1183

«Canalys » kompaniýasy 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde smartfon satuwynda öňdebaryjy kompaniýalary mälim etdi. Bu döwür satylan smartfonlaryň 20 göterimini «iPhone » emele getiripdir. Şeýlelikde, «Apple » dünýäniň iň köp smartfon satan kompaniýasy boldy. Kompaniýanyň birinji orny eýelemegi «iPhone 13» smartfonuna bolan islegiň uly bolmagy bilen baglanyşyklydyr. «Samsung » ikinji ýeri eýeläpdir. Üçünji orny eýelän «Xiaomi » bolsa umumy satuwyň 12 göterimine eýe boldy. Hytaýyň OPPO we «Vivo» kompaniýalary degişlilikde 9 göterim we 8 göterim bilen öňdäki orunlary eýeleýär.

Hojaýüsüp ANNAÝEW, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Beýleki habarlar