«Skagen Falster Gen 6» täze akylly sagady

17 Ýanwar 2022
1255

«Fossil» kompaniýasy täze akylly sagatlarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi. Olar «Razer X Fossil Gen 6» we «Skagen Falster Gen 6» akylly sagatlarydyr.

«Skagen Falster Gen 6» akylly sagatlary «Wear OS 3» operasion ulgamy bilen utgaşykly işleýän «Qualcomm Snapdragon Wear 4100+» bir kristally ulgamyň esasynda gurlar. Sagatlaryň iki görnüşi hem 1 Gb wagtlaýyn we 8 Gb fleş ýat aldy. Goşar kemeriniň üç görnüşi bolup, olar «Skagen»-iň meşhur poslamaýan poladyndan, silikondan we deriden ýasalandyr. Bu barada «GSM Arena« habar berýär.

Taýýarlan Satlyk TOÝMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar