Samsung dört eplenýän noutbugyny hödürledi

17 Ýanwar 2022
1298

«Samsung Electronics» kompaniýasy çeýe displeýleriniň önümçiligine aýratyn üns berýär. Şu ýylyň ýanwar aýynda kompaniýa her bölegi eplenýän gibrid noutbugyna patent almaga isleg bildirdi.  

WIPO halkara guramasynyň web sahypasynda peýda bolan patent arzasynda aýrylýan klawiatura bölümi bolan noutbugyň dizaýny barada maglumat berilýär. Enjamyň ekran bölegini planşet hökmünde ulanmak mümkin, ol maglumat girizmek üçin ruçka we duýgur interfeýs bilen üpjün edilipdir. Çeýe displeý enjamyň bu bölegini iki gezek eplemäge mümkinçilik berýär. Enjamyň klawiatura bölümi hem iki eplenýär. Onda batareýanyň öýjükleriniň esasy böleginiň, periferiýa enjamlaryny birikdirmek üçin portlaryň bolmagy mümkin. Häzirki wagtda bu enjam bazarlara çykarylmaz, ýöne kompaniýa bu täze çeýe displeýli noutbugyny ýakyn geljekde görkezip biler.

Taýýarlan Azatmuhammet ANNAMOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar