Internet arkaly söwda

28 Dekabr 2021
1987

Täze ýyl baýramy golaýlaşdygyça, öý bikeleri Täze ýyl arçasyny bezemegiň, baýramçylyk saçagyny dürli naz-nygmatlar bilen baýlaşdyrmagyň aladasyndadyr. Täze — 2022-nji ýyl hem ýetip gelýär. Ak bazarlar, söwda merkezleri, dükanlar Täze ýyl öwüşgininde bezelip, halkymyza harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe halkymyza edilýän söwda hyzmatlary hem döwrebaplaşdyrylyp, has amatly görnüşleri, ýagny elektron söwda ulgamy durmuşymyza giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi öý bikelerimiziň işinde ep-esli ýeňillikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan asylly başlangyçlarynyň netijesinde ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgam ornaşdyrylyp, ähli tölegleriň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinde tölenmegi, wagty tygşytlamak bilen birlikde hyzmatlaryň hilini hem gowulandyrýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça halkara tejribesini özleşdirmegiň çäginde amala aşyrylýan işlerde ýurdumyzyň hususy pudagynyň mynasyp goşandy bar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary sanly söwda hyzmatlaryny has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen internet söwda dükanlarynyň işini ýola goýdular. Bu babatda «Ynamdar» internet dükany ilki bolup elektron söwda hyzmatlarynyň başyny başlady we häzirki wagtda müşderileriň müňlerçesine hyzmat edip gelýär.

Güljeren AKMYRADOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar