«Tik­Tok» «Goog­le»-den we «Facebook»-dan öňe geç­di

26 Dekabr 2021
1250

Hy­ta­ýyň «Tik­Tok» in­ter­net ul­ga­my 2021-nji ýyl­da iň köp ula­nyl­ýan so­sial ul­ga­my­na öw­rül­di. In­ter­net ul­gam 2020-nji ýy­lyň öň­de­ba­ry­jy­sy «Goog­le»-den öňe geç­me­gi ba­şar­dy. Bu ba­ra­da in­ter­net ul­gam­la­ryň reý­tin­gi­ni kes­git­le­ýän «Cloudf­la­re» por­ta­lyn­da ha­bar be­ril­ýär. Gys­ga wi­deo-gör­nüş­le­ri dö­ret­mek we ola­ra to­ma­şa et­mek üçin esas­lan­dy­ry­lan «Tik­Tok» il­kin­ji ge­zek 2021-nji ýy­lyň few­ra­lyn­da öňe saý­lan­dy we aw­gust aýy­na çen­li öň­de­ba­ry­jy­ly­gy el­den ber­me­di. Hä­zir bolsa, 2020-nji ýyl­da ýe­din­ji bo­lan «Tik­Tok», «Goog­le»-den öňe ge­çip, ýe­ne bi­rin­ji­li­gi eýe­le­di, üçün­ji ýer­de «Facebook» so­sial ul­ga­my bar­ýar. Sanawyň ilkinji onlugyna «Micro­soft», «App­le», «Ama­zon», «Netf­lix», «You­Tu­be», «Twit­ter» we «What­sApp» saýt­la­ry gir­di­ler.

Şatlyk ANNABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar