Owadan hem ýyndam

25 Dekabr 2021
3186

Tebigatyň täsin jandarlarynyň biri bolan keýik maral, jeren ýaly sözler bilen atlandyrylýar. Olar owadan bolşy ýaly, ejiz hem bolýarlar. Şonuň üçin tebigat olary beýleki ýyrtyjy haýwanlardan goranmak üçin ýyndamlyk bilen sylaglapdyr. Hiç bir ýyrtyjy olary kowup ýetip bilmeýär, eger bardy-geldi atanlykda büdräýmeseler.

Keýikleriň beýleki sähra haýwanlaryna meňzemeýän ýene bir aýratyn üýtgeşikligi bar. Sähra haýwanlarynyň keýik owlagyndan başgasy dünýä gelen dessine aýak üstüne galyp bilmeýärler. Keýik owlagy bolsa dessine aýak üstüne galýar. Ilki büdreýär, ýykylýar, aýagy diýenini etmejek bolýar. Emma büdrese, dikelýär. Aýagy eplense, dogurlaýar, ilkinji ädimlerini ädýär. Enesi bolsa biraz ýöreýär, şonda owlak onuň yzyndan galmaýar. Biraz wagtdanam, entek ona çenli sanamankaň, ylgap başlaýar. Ana, şonda ony kowalap hem ýetip bolmaýar. Özem dünýä gelip, entek ene süýdünden datmadyk mahalynda şeýle bolýar. Elbetde, ýaňy dünýä inen keýik owlagynyň ýyndamlygyny beýleki ýaşly keýikler bilen deňeşdirip bolmaz. Muny beýleki ýyrtyjy haýwanlaram bilýän bolmaly. Olar aw edýän mahalynda, ilki bilen, keýik owlagynyň yzyna düşýärler.

Jeren BAÝRAMALYÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar