Ýylyň akylly sagatlary saýlandy

21 Dekabr 2021
1284

 Ulanyjylaryň we hünärmenleriň pikirleri esasynda 2021-nji ýylyň akylly sagatlarynyň sanawy yglan edildi. Sanaw takyklyk, amatly baha, oňaýlylyk taraplary boýunça düzüldi. 31 sany akylly sagatlaryň içinden iň gowulary diýlip 5-si saýlandy. Sanawyň başyny «Garmin Forerunner 55» akylly sagady eýeledi. Ýeri gelende bellesek, akylly sagatlaryň bu nusgasy kuwwat bermesiz 504 sagat işlemäge ukyplydyr.

«Samsung Galaxy Watch4» akylly sagady 2021-nji ýylyň iň oňaýly sagady boldy. Iphone üçin akylly sagatlardan iň gowusy «Apple Watch Series 7» modeli saýlandy. Bu modeliň çalt kuwwat almak, kämil mikrofon we arassa ses ýaly artykmaçlyklary barada bellenilýär.

Daýanç WELIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar