Gezsem, dünýäni görsem

11 Dekabr 2021
2903

Konstitusiýa binasy

Paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasy 2011-nji ýylyň maý aýynyň 18-ine açyldy. Onuň gurluşygy 3 ýylda tamamlandy. Binanyň beýikligi 185 metr bolup, 91 metrlik dörtgyraňly sütün desganyň merkezi bolup durýar. Ol ähli tarapdan haly gölleriniň şekilleri bilen bezelip, onuň depesinde bäş ýyldyzly altyn ýarym aý şekillendirilendir. Binanyň binýady 10 metre barabar bolup, onuň çar tarapyny suw çüwdürimler toplumy we basgançaklar gurşap alýar. Binanyň içinde 6 zaldan ybarat bolan muzeý, 200 orunlyk maslahatlar zaly we 50 orunlyk ýygnak geçirilýän jaý, okalga we kompýuter zaly bolan kitaphana, sowgat dükany we kafeler bar. Desganyň täsin binagärligi köpleri haýran galdyrýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Aýläle GULLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar