Jahanyň meşhur binalary

8 Dekabr 2021
2723

Asudalygyň nyşany

Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Bitaraplyk binasy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanyna gurlandyr. Desganyň beýikligi 83 metre, depesindäki heýkeliň beýikligi 12 metre barabar bolup, jemi 95 metrdir. Bu sanlar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan senesini, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryny aňladýar. Bitaraplyk binasy ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň, halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän erkanalyk, agzybirlik ýörelgelerine wepalydygynyň binagärlik sungatyndaky aýdyň şöhlelenmesidir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Amantuwak REJEPBAÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar