Sanly ykdysadyýetde elektron senagatyň orny

6 Dekabr 2021
1396

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenýär. Diýarymyzda milli ykdysadyýetiň ösýän şertlerinde ýokary tehnologiýaly pudaklarda hyzmatdaşlyk etmäge, häzirki zamanyň öňdebaryjy bilimlerini we dolandyryş meselelerini çözmäge üns güýçlendirilip, söwda-ykdysady gatnaşyklaryny hem-de senagat ulgamyny ösdürmäge, olary diwersifikasiýalaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Ata Watanymyzyň kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmakda, onuň ykdysady taýdan öňe tarap çalt depginler bilen ilerlemegini gazanmakda, şeýle hem halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine çykarmakda giň gerim bilen ösýän senagat ulgamy kesgitleýji orun eýeleýär. Türkmenistanyň ykdysadyýetini iri möçberde senagatlaşdyrmak, ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak boýunça saýlap alnan ugruň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, milli ykdysadyýetiň öňdebaryjy senagat pudaklary ýokary depginli ösüşlere beslendi. Innowasiýalar eýýamynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, senagat ulgamy hem sanlylaşdyrylmak bilen, pudaga täze tehnologik enjamlar ornaşdyrylýar.

Arslan ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
Beýleki habarlar