Dünýäniň meşhur myhmanhanalary

1 Dekabr 2021
2595

Altynsow reňkleriň öwüşgini

«Garagum» myhmanhanasy Aşgabadyň A.Nyýazow şaýolunyň we Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň çatrygynda, «Aşgabat» halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýär. Adyndan belli bolşy ýaly, bu myhmanhananyň binagärlik keşbi Garagum sährasynyň täsin tebigatyny ýadyňa salýar. Binanyň daşynyň altynsow reňki ümmülmez sähranyň ürgün çägesini, Garagumuň alaňlaryny göz öňüňde janlandyrýar. Myhmanhananyň ýanyndaky türkmen halkynyň millilige goýýan sarpasynyň nyşany bolan ak öý binasy Garagum sährasyndaky hatar-hatar oturan agzybir obalaryň keşbini suratlandyrýar. Bu desganyň umumy tutýan meýdany 6,9 gektara barabar bolup, ol 87 sany standart we lýuks otaglardan ybarat.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Aýlar NURBERDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar