Ene yhlasy

26 Noýabr 2021
2634

Güýzüň ortaky aýynda uniwersiteti bile okan boýdaşym Jeren bize myhmançylyga geldi. Ikimiz çaý başynda okan ýyllarymyzy hem Tejeniň ekin meýdanlarynda daýhanlara pagta ýygmaga kömek beren döwrümizi ýatladyk. Ondan bäri otuz ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan, wakalar biziň ýadymyzda ýakynda bolan ýaly şol aýdyňlygy bilen dur. Boýdaşym gürrüňimiziň arasynda:

«Seniň ejeň duzuny iýipdik, ýadyňa düşýärmi, pagta ýygýan ýerimize kakaň barypdy» diýdi. Men: «Heý, şol günlerem ýadymdan çykarmy?» diýdim. Göz öňümde şol hezil günler janlandy.

Güljahan GURBANMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar