Maşgalam — baş galam

25 Noýabr 2021
2193

Biziň döwletimiz ynsan mertebesini ähli zatdan ileri tutýan kuwwatly döwletdir. Döwletimizde adam ykbalyna sähelçe-de biparh garalmaýar. Bu alada her bir raýatyň rahat ömür sürüp we erkin zähmet çekip bilmegine gönükdirilen adyl kanunlarymyz arkaly kepillendirilip, garaşsyzlyk ýyllarynda döwlet tarapyndan birnäçe täze maksatnamalar, kada-kanunlar kabul edildi. Oňa mysal edip, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, Türkmenistanyň Maşgala kodeksini, Türkmenistanyň Raýat kodeksini we beýlekileri görkezmek bolar. Şu ýylyň 13-nji noýabrynda hem «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Agzalan Kanuna laýyklykda, 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda tassyklanylan Kodeks arkaly bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyplygy bolan çagasy bar bolan (maýyplygy bolan çaga diýip ykrar edilen wagtyna garamazdan) we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk, 54 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň, şeýle hem sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 10 ýyldan az bolmadyk, 52 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň hukuklary berkidildi. 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete giriziljek bu Kanun ýurdumyzda maşgala gatnaşyklarynyň has-da pugtalanmagy ugrunda durmuşa geçirilýän anyk işdir, ynsanperwer çözgütdir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz tarapyndan her bir maşgala gurýanlaryň bagtly, agzybir maşgala bolmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilip berilýär. Munuň üçin döwlet Baştutanymyza halkymyzyň hoşallygy egsilmezdir.

Salamat AZATKULYÝEWA,
Çärjew etrap prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar