Sumbar jülgesiniň bezegi

22 Noýabr 2021
3324

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň, köpeltmegiň, geljekki nesillere ýetirmegiň şu günki günüň wajyp meseleleriniň biridigini nygtaýar. ªundan ugur alnyp, ýurdumyzda ykdysady ösüşi daşky gurşaw bilen sazlaşykly alyp barmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn we geljegi nazarlaýan ekologiýa syýasaty ýöredilýär. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olary aýawly we rejeli peýdalanmak, ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurdumyzda we sebitde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Guşlar — gözel tebigatymyzyň bezegi, şolar bilen tebigat gözelligi özboluşlylyga eýe bolýar. Olar özleriniň daşky görnüşi, ýaşaýyş aýratynlyklary bilen gadymy döwürlerden bäri adamlaryň üns merkezinde bolupdyr. Dogrudan-da, olar — örän gözelligi we ýakymly owazy bilen özüne çekiji, haýran galdyryjy, ruhuňy göteriji. Guşlar dünýäde haýwanlaryň iň işjeň hereketli topary bolup, olar zeminiň ähli ýerlerinde: obadyr şäherlerde, tokaýlardyr çöllüklerde, gury ýerlerdir köllerde, deňizlerde, daglarda, daglaryň gowaklarynda mekan tutýarlar.

Hanmeňli HOJAMÄMMEDOWA,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar