Sanly ulgam — üstünligiň açary

18 Noýabr 2021
1392

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyz belent üstünliklere eýe bolýar. Halk hojalygyny sanly ykdysadyýete geçirmek üçin alnyp barylýan uly işler ýurdumyzda üstünlikli dowam etdirilýär. Durmuş ulgamynyň ösüşinde ählumumy ykrarnama eýe bolýan bu işlerde, ozaly bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň, şol sanda ylym, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Sanlylaşdyrmagyň barşynda ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga tarap ugur alynýandygy, halk hojalygynyň ähli pudaklary üçin ýokary bilimli, başarjaň hem-de öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň taýýarlanylýandygy uly ähmiýete eýedir.

Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň has-da berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna gönükdirilen beýik işleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe rowaçlyklara we üstünliklere beslenýär. Nebitgaz senagatynda, elektrik energetikasynda, himiýa we dokma senagatlarynda, agrosenagat toplumynda, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, durmuş infrastrukturasynda, hyzmatlar ulgamynda hem-de beýleki pudaklarda täze innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen zawod-fabrikler, inžener-aragatnaşyk ulgamlary işe girizilýär.

Aksona TAGANOWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň öwreniji-mugallymy.
Beýleki habarlar