Alym­lar dü­şün­je­li ro­bot­la­ry dö­ret­di­ler

14 Noýabr 2021
1245

ABŞ-nyň Mas­sa­çu­sets teh­no­lo­gi­ýa ins­ti­tu­ty­nyň hü­när­men­le­ri ro­bot­la­ry öza­ra gat­na­şyk­la­ra en­dik et­me­gi öw­re­den­dik­le­ri ba­ra­da ha­bar ber­di­ler. Ha­bar­da hä­zir­ki za­man ro­bot­la­ry­nyň çyl­şy­rym­ly işe ukyp­ly­dy­gy, ýö­ne iň kä­mil­le­ri­niň hem so­sial gat­na­şyk­lar üçin dö­re­dil­män­di­gi aý­dyl­ýar. In­že­ner­ler ro­bot­la­ryň beý­le­ki akyl­ly en­jam­la­ry ka­bul edip, olar bi­len ara­gat­na­şyk gur­ma­ga sy­na­nyş­ýan al­go­ritm­le­ri dö­ret­me­gi ba­şar­dy­lar. Alym­lar ro­bot­la­ryň beý­le­ki akyl­ly en­jam­la­ryň mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne dü­şün­mek üçin, ola­ryň özü­ni alyp ba­ryş he­re­ket­le­ri­ni sel­jer­ýän­dik­le­ri­ni aýt­dy­lar. Eger-de ro­bot­la­ryň bi­ri aga­ja suw ber­jek bol­sa, beý­le­ki­si oňa bu me­se­le­de kö­mek edip bi­ler — gap be­rer, suw ge­ti­rer. Alym­la­ryň söz­le­ri­ne gö­rä, so­sial he­re­ket­ler kä­bir me­se­le­le­riň has çalt çö­zül­me­gi üçin ro­bot­la­ryň öza­ra tä­sir­li ara­gat­na­şy­gy üçin ze­rur­dyr.

Şyhberdi ŞYHBERDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.
Beýleki habarlar