Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

16 Noýabr 2021
1473

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda rowaçlanýan ykdysady, medeni ösüşler alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly bilim ulgamynyň durmuşymyza çuňňur ornaşmagy bilen ýaşlaryň bilim almagy, ylym öwrenmegi, hünär edinmegi, ylmy çeşmelerden peýdalanmagy ýeňilleşdi. Häzirki döwürde milli telekommunikasiýa ulgamynda halkara ölçeglere laýyk gelýän täze innowasion, sanly tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny ornaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar.

Bäsdeşlige ukyply häzirki zaman aragatnaşyk hyzmatlarynyň hil taýdan täze derejesiniň döredilmegi we halkymyzyň ondan peýdalanmagy üçin ýurdumyzda yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipesine hem uly üns berilýär. Aragatnaşyk edara-kärhanalaryny döretmäge we döwrebaplaşdyrmaga düýpli maýa goýumlar gönükdirilýär. Türkmenistanyň özüniň ilkinji «TürkmenÄlem 52oE» emeli hemrasyny uçuryp, kosmosy özleşdirýän ýurtlaryň hataryna goşulmagy örän guwandyryjy wakadyr. Netijede, ol adaty hem-de ýokary mümkinçilikli teleýaýlymlaryň onlarçasyny alyp görkezmäge şert döredýär. Şeýle hem halkymyzyň ýurdumyzda gündelik çykýan gazet-žurnallar, täzelikler we wakalar bilen tanyşmaklaryna giň mümkinçilik döreýär. Gazet-žurnallaryň elektron görnüşlerine ýazylmak bilen, okyjylar ony öz el telefonlarynyň üsti bilen islendik ýerde, islendik wagty okap bilýär. Şeýle hem gazet-žurnallaryň diňe bir täze sanlaryny däl, eýsem, mundan on, ýigrimi gün öň çap edilen sanlaryny hem okamaga, ondaky maglumatlardan peýdalanmaga giň şert döreýär. Bu bolsa okyjylaryň wagtyny tygşytly ulanmaklaryny üpjün edýär.

Nurylla REJEPOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar