Milli ykdysadyýetiň kuwwatly ulgamy

14 Noýabr 2021
1393

Biziň ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamy hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen uly depginlerde ösýär. Muňa däp boýunça her ýyl ýurdumyzda geçirilýän Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň halkara maslahaty-da şaýatlyk edýär. Bu ýyl «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara maslahat onlaýn görnüşinde geçirilip, onuň ýurdumyzyň aragatnaşyk ulgamynda gazanylýan üstünlikler bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, şol bir wagtyň özünde hem bu ulgamda hyzmatdaşlyk edýän kärhanalardyr ylmy edaralar bilen tejribe alyşmakda uly ähmiýeti bardyr. Maglumatlar zamany bolan häzirki döwürde milli we daşary ýurt hünärmenleriniň özara bähbitli gatnaşyklary, tejribe alyşmaklary bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine täsirini ýetirýär.

Telekommunikasiýa we maglumatlar tehnologiýalary durmuşyň hem-de ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna aralaşýar. Olaryň ösmegine, kämilleşmegine oňyn täsir edýär. Häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek zerurdyr. Bazaryň barha ösýän talaplaryna laýyk gelýän howpsuz, ygtybarly we bäsdeşlige ukyply maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üpjünçilik ulgamyny döretmek ýurduň sanly ykdysadyýete üstünlikli geçmeginiň girewi bolup durýar. Milli Liderimiziň tagallasy bilen, Türkmenistan kosmosy we innowasion tehnologiýalary özleşdirmekde köp öňegidişlikleri gazanmagy başardy. «Türkmen Älem 52°E» Milli aragatnaşyk emeli hemrasynyň älem giňişligine çykarylmagy, Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy, elektron hökümeti döretmekde geçirilýän çäreler, ýurduň bank ulgamynda elektron hasaplaşyklaryň çäginiň giňeldilmegi we beýleki durmuşa geçirilýän işler ösüşiň bu ugrunyň kanunçylyk esaslaryny döretmegi, berkitmegi, seljermegi talap edýär. Bilşimiz ýaly, ylmy-tehnologik ösüşiň halkara hukuk esaslary bu ugurda ýüze çykýan her bir täzelige laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Ogulbibi REJEBOWA,
Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar