Döwrebap aragatnaşyk ulgamlary halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orun tutýar

12 Noýabr 2021
1306

10-11-nji noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty geçirildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar. Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilýän şu ýylda guralan ýöriteleşdirilen forum ýurdumyzda iň täze aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, ählumumy Durnukly ösüş maksatlary jähetinden, döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ala alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler. Ýurdumyzyň öňden gelýän, hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň dürli görnüşleri, maglumatlar tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän «NOKIA», «HUAWEI», «Thales», «Afghan Wireless», «Delta Telecom Ltd», «Rostelecom», «Eastwind», «Azertelecom» we beýlekiler bar.

"Nesil".
Beýleki habarlar