Dünýäniň meşhur myhmanhanalary

8 Noýabr 2021
2994

«Olimpiýa» şäherçesindäki gözellik

«Olimpiýa» myhmanhanasy ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda Türkmenbaşy şaýolunyň ugrundaky Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýär. Myhmanhananyň 225 sany ýokary hilli otaglary bolup, birwagtda 450 myhmany kabul etmek mümkinçiligi bar. Ol jemi 10 gatdan ybarat bolup, onda ýygnak zallary, restoranlar, kafeler, dükanlar, dellekhana we dynç almaga gelen raýatlar üçin başga-da birnäçe mümkinçilikler döredilendir. Myhmanhananyň ýokary derejeli myhmanlary, Milli olimpiýa komitetleriniň, Halkara we Aziýa sport federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny, resmi wekilleri we daşary ýurtly ýokary wezipeli adamlary hem-de Türkmenistanyň raýatlaryny kabul etmek mümkinçiligi has giňdir.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Jemal BAÝRAMOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar