Daşky gurşawy gözellik gurşanda...

1 Noýabr 2021
1321

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň giň gerimli aladalary bilen, ata Watanymyzda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Munuň şeýle bolmagynda ýurdumyzda kabul edilýän kanundyr kararlaryň, maksatnamalaryň, şu ugra gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň uly ähmiýetiniň bardygy mälimdir. Şu ýylyň iýun aýynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli Liderimiziň Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny we ony ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak baradaky Karara gol çekmegi bu babatda ýene-de bir möhüm ädim boldy.

Belli bolşy ýaly, bu resminamalaryň esasy maksady Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň tutýan meýdanyny giňeltmekden, olaryň ozaldan bar bolanlaryny rejeleşdirmekden, gorap saklamakdan, tebigatymyzyň biologik köpdürlüligini artdyrmakdan, ekologiýa taýdan amatly şertleri döretmekden, bu ugurda ylmy barlaglary geçirmekde degişli edaralaryň, ylmy merkezleriň işlerini kämilleşdirmekden, onda halkara hyzmatdaşlygy ygtybarly ýola goýmakdan we beýleki wezipelerden ybaratdyr. Şeýlelikde, ata Watanymyzyň tebigatynyň, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň has-da baý hem-de gözel bolmagy ugrundaky çärelere giň ýol açylýar.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».
Beýleki habarlar