Ýaşlara zähmet terbiýesini öwretmek

31 Oktýabr 2021
1810

Çaga terbiýesiniň, esasan, maşgalada, mekdepde, jemgyýetçilik ýerlerinde berilýändigi hemmelere mälimdir. Bularyň tagallasy birleşende, biz öz öňümizde goýan maksadymyza ýetip bileris. Bu meselede ataenäniň hem, mugallymyň hem möhüm orny bardyr. Bu ýerde her kimiň öz üstüne düşýän jogapkärçiligi, görkezmeli göreldesi bar, ýöne zähmet terbiýesinden başlap, ähli terbiýäniň düýbüniň maşgalada tutulýandygyny bellemek gerek.

Çagalara aýdylýan hüwdi owazynyň mazmunynda hem edepündewiň ençeme kökeni bardyr. Ataenäniň abraýy jemgyýetde we maşgalada olaryň özlerini alyp barşy bilen kesgitlenilýär. Perzent hemişe öz ataenelerinden görelde alýar, olaryň zähmete we beýleki ugurlara garaýşyna, amal edişlerine syn edýärler. Şoňa göräde, ataeneleriň göreldesi çagalarynyň hem endiklerine, gylykhäsiýetlerine täsir edýär.

Hangylyç TAGANGYLYJOW,
mirasgär, Türkmenistanyň ussat mugallymy.
Beýleki habarlar