Gözellikleriň goragynda

20 Oktýabr 2021
1458

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly daşky gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzda tebigatyň bu gözelliklerini goramak boýunça ýörite goraghanalaryň 8-si bar. Şolaryň biri-de Köýtendag döwlet goraghanasydyr. Ol döwletimiziň gündogarynda, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda döredildi.

Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady Köýtendagyň, Magdanly pes daglygynyň we olaryň daş-töweregindäki ýerleriň ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini gorap saklamakdan, tebigaty goramagyň, ekologiki ulgamlary dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şeýle hem onuň döredilmegi Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitaba girizilen burma şahly dag tekesini goramak zerurlygy bilen baglydyr. Köýtendag goraghanasynyň meýdany 27 müň 139 gektara deňdir. Goraghananyň relýefi daglyk bolup, ýurdumyzyň iň beýik nokady bolan Aýrybaba belentligi şu ýerde ýerleşýär, onuň beýikligi 3137,7 metre barabardyr. Köýtendag goraghanasy haýwanat dünýäsine örän baýdyr. Bu ýerde süýdemdirijeleriň 40-a golaý görnüşi, guşlaryň 100-den gowrak, süýrenjileriň 25, oňurgalylaryň we oňurgasyzlaryň onlarça, şol sanda diňe gündizki kebelekleriň 60-dan gowrak görnüşleri duş gelýär.

Çarygeldi BABANYÝAZOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Sebitleýin ösüş, daşky gurşawy goramak we agrosenagat syýasaty baradaky komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar