Gezsem, dünýäni görsem

18 Oktýabr 2021
3359

«Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýy mynasybetli mermer şäherimiziň görküne görk goşýan binalaryň biri bolan «Aşgabat» söwda-dynç alyş merkezi 2021-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda dabaraly ýagdaýda açyldy. Içki hem daşky gözelligi bilen göreni haýrana goýýan bu söwda merkeziniň 1-nji gatynda mebel dükanlary, türkmen milli önümleri we brend egin-eşikler üçin niýetlenilen dükanlar, 2-nji gatynda kafedir gözellik salonlary we ýene birnäçe görnüşli dükanlar, 3-nji gatynda bolsa çagalar üçin niýetlenilen döwrebap oýnawaç bilen gurşalan oýun zaly, kinoteatr, bouling we bilýard zallary bar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk bu bina köpugurly şertleri bilen göreni haýran galdyrýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Selbi KULYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar