Sazak — çölüň bezegi

18 Oktýabr 2021
1273

Gözel tebigat bilen baglanyşykly bu waka 1981-nji ýylyň güýz aýlarynda bolupdy. Şol ýyl men Aşgabatdaky Türkmen oba hojalyk institutyny tamamlap, Türkmenbaşy etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginde mal lukmany wezipesinde işe başladym. Şol wagt daýhan birleşigine oba hojalygynda abraýly zähmet çekýän, il içinde hormatlanýan ýaşuly Tyşkanbaý Jarlygapow ýolbaşçylyk edýär eken. Uzak ýyllaryň dowamynda gazanan baý iş tejribeli, ençeme çarşenbäni başdan geçiren halypa maldarçylygyň inçe syrlaryny kemsiz ele alan ussat ýolbaşçydy. Ol ýaş çopanlardyr maldarçylykda zähmet çekýän beýleki ýaş hünärmenlere halypalyk kömegini gaýgyrmandy. «Men — başlyk» diýip durman, mallaryň guýudan suwa ýakylýan pursady suwly gowany çekişip, suwa ýakmaga kömek edipdi, ot taýýarlamakda eline çarşak alyp, deň işläp görelde görkezipdi.

Maldarçylykda eliň boş pursady ýok, ýylyň ähli paslynda mallaryň özüne ýetik aladasy bolýar. Şol gyzgalaňly günleriň birinde hem Tyşkanbaý aga meni ýanyna çagyryp, her ýeriň aýratynlygyna görä, mallarda ýüze çykýan keselçilik barada we olaryň öňüni alyş çäreleri dogrusynda söhbetdeş boldy. Ýakyn günlerde mallaryň öri meýdanlary we çöl merdanlary bilen tanyşdyrmakçydygyny ýaňzydyp, ýola taýýarlyk görmegimi tabşyrdy.

Nurýagdy HAJYNUROW,
Türkmenbaşy etrabynyň Hasan obasynyň ýaşaýjysy.
Beýleki habarlar