Tebigata söýgi — Watana söýgi

11 Oktýabr 2021
1386

Tebigata bolan söýgi halkymyzyň häsiýetiniň, ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Mähriban Watanymyzyň gözel tebigatyna aýawly çemeleşmek, ony goramak ýörelgeleri halkymyzyň aňyna ornaşyp, ekologiýa meselelerini oňyn çözmegiň özboluşly tärlerini kemala getiripdir. Ata-babalarymyzyň şol ynsanperwer ýörelgeleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has-da ösdürilýär.

Daşky gurşawy goramakda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan möhüm wezipesidir. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen sahawata we berekede baý giň sähralarymyz ýaýylyp ýatan bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär. Güneşli ülkämiziň ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän seýilgähleri göwnüňi göterip, tokaý zolaklary emele gelýär. Munuň özi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýagdaýlara garşy göreşmekde uly goşantdyr.

Ogulsapar ANNAÝEWA,
Serdar etrabyndaky 12-nji orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar