Ýaşyl tehnologiýalar

7 Oktýabr 2021
1574

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly binalaryň hatary günsaýyn artýar. Şular bilen birlikde, şäheriň daş-töweregi ýaşyl tokaýlyga öwrüldi. Çagalar meýdançalary abadanlaşdyryldy, raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin seýilgähler döredildi. Bularyň özi bolsa hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bagtyýarlyk ýoluna düşen halkymyzyň her bir gününiň ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýändigini alamatlandyrýar.

Dünýä ýüzünde daşky gurşawy arassa saklamak we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ekologiýa abadançylygy ýaly gaýragoýulmasyz meselelere uly üns berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Diýarymyzda gurlan we gurulýan ekologiýa taýdan arassa senagat we jemagat desgalary, täze-täze önümçilik toplumlarynyň binalary «ýaşyl» tehnologiýalaryň talaplarynda gurlup, ulanylmaga berilýär.

Çemen KAKALYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar